Näme Täzelik?

Giňeldilen goldaw çykarylyşy 102-e täzelendi

"Firefox uzak möhletli goldaw wersiýasy 102" okaýyş suraty

Tor Browser-i häzirki Firefox-yň uzak möhletli goldaw çykarylyşyny täzelemegiň wagty geldi. Tor Browser 11.5 çykarylyşyndan bäri her üýtgeşmäniň ESR 102's çykaryş bellikleriTor Browser bilen gabat gelýändigini anyklamak üçin soňky bir näçe aýy sarp etdik. Bu prosesiň çäginde Tor Browser-iniň berk gizlinligi we howpsuzlyk ýörelgelerine garşy bolup biljek islendik zat seresaplylyk bilen ýapyldy.

Iş stoly üçin köp ýerli goldaw

Tor Browser12.0-iň ekran dilini saýlamak üçin ulanylýan menýu şekili

Mundan ozal, Tor Browser-ini iş stolunda iňlis dilinden başga dilde ulanmak isleseňiz, göçürip al sahypamyzdan gabat gelýän dil wersiýalaryndan birini tapyp göçürip almaly bolardyňyz. Tor Browser-ini guranyňyzdan soň dili üýtgetmek hem aňsat iş däldi. Bar bolan gurnamaňyza täze dil paketini goşmaly ýa-da Tor Browser programmasyny noldan täzeden göçürip almaly bolardyňyz.

Şu günden başlap, geçmişde galan zatdygyny mälim etmekden hoşal: Iş stoly üçin Tor Browser hakykatdanam köp dilli. Şonuň üçin goldanýan dilleriň hemmesi indi bir bukjada. Täze ulanyjylar üçin Tor Browser 12.0 ulgam diliňize gabat gelende awtomatiki usulda täzelener. Tor Browser 11.5.8-den täzelenen bolsaňyz, brauzer ozal saýlanan displeý diliňizi saklamaga synanyşar.

Iki ýagdaýda-da, umumy sazlamalar bölüminde Dil menýusy arkaly goşmaça göçürip almazdan, displeý dilini üýtgedip bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, üýtgeşmäniň doly güýje girmegi üçin Tor Browser gysga wagtda täzeden açmagyňyzy maslahat berýäris.

Elbetde, köp dilde ýekeje göçürip almak bukjasyny döretmek Tor Browser-iniň faýlyň ululygyny artdyrýanlygy hakynda biziň habarymyz bar. Şeýle-de bolsa, başga ýerlerde netijeliligi tygşytlamagyň usulyny tapdyk. Şonuň üçin Tor Browser 11.5 bilen 12.0 arasyndaky faýl ululygyň tapawudy gaty az.

Asyl Apple Silicon goldawy

Apple Silicon logo

Bu ýeňil iş däldi, ýöne Tor Browser 12.0 indi Apple Silicon-y ýerli derejede goldaýandygyny aýtmana şat. Mozilla-nyň Firefox-a çemeleşişi ýaly, ikitaraplaýyn faýl formatyny ulanmagy makul bildik. Bu, x86-64 (Intel gabat gelýän) we ARM64 (Apple Silicon utgaşykly) gurluşlaryň ikisi hem işledilende dogry saýlanan wersiýa bilen awtomatiki usulda gaplanandygyny aňladýar.

Diňe Android üçin HTTPS-Only

"Diňe HTTPS Mody" açýan açary görkezýän okaýyş suraty

Iýul aýynda, Tor Browser 11.5 çykarylyş habarnamasynda Android üçin Tor Browser-däki täzelenme bilen ýakyn geljekdäki maksatlarymyzy paýlaşdyk. Ýylyň başyndan bäri, döredijilerimiz Android üçin yzygiderli täzelenmeleri täzeden girizmek, programmanyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we Fenix (Android üçin Firefox) çykaryş aýlawyny yzarlamak üçin köp işler alyp barýarlar.

Android meýilnamamyzyň indiki tapgyry, iş stoly wersiýasy üçin ýaňy-ýakynda çykan we saýlanan ýokary ähmiýetli aýratynlyklary - diňe HTTPS mody açmak bilen, Android-e göçürip başlamakdyr. Bu üýtgeşme, iş stoly üçin hödürlenen Tor Browser 11.5 ýaly deň derejede SSL hüjümlerinden zyýanly çykyş relýeleri goragy üpjün etmäne kömek eder.

Android üçin .onion saýtlaryny ileri tut

Android gizlinligi we howpsuzlyk sazlamalary ekrany üçin Tor Browser onion saýtlaryny ileri tutmak opsiýasynyň şekili

Android üçin Tor Browser 12.0-niň başga bir kiçijik, ýöne güýçli gowulaşmagy - gerekli ýerlerde .onion saýtlaryny ileri tutmak mümkinçiligidir. Bu opsiýa açyk bolanda, Onion-Location bilen düzülen islendik sahypa üçin awtomatiki usulda gabat gelýän .onion saýtyna ugrukdyrylarsyňyz. Bu, ýat ýerlerde täze .onion saýtlaryny tapmaga kömek edip biler.

Android sazlamalary menýusy üçin Tor Browser-iniň Gizlinlik we Howpsuzlyk bölüminiň aşagynda ".onion saýtlaryny ileri tutuň" açyp bilersiňiz. Haýyş belläň, bu täzelenmäniň, salgy setirinde çernil renkde".onion elýeterli" düwmesi ýokdyr. Bu diňe Tor Browser iş stolyna mahsus özboluşly zat.

We dowamy...

12.0, Alban (sq) we Ukrain (uk) dillerini goldaýan Tor Browser ilkinji durnukly çykarylyşy. Tor Browser-i her dile terjime etmek üçin köp zähmet çeken meýletinçilere köp sag bolsun aýdýarys <3

Terjime edilmeli bir setiri görseňiz ýa-da başga bir diliň lokalizasiýasyna goşant goşmak isleseňiz, nädip etmelidigini bilmek üçin Jemgyýet portalymyza girip görmegiňizi haýyş edýäris.

Mundan başga-da, ep-esli kod täzeden düzüşi başdan geçiren tor-işlediji (Tor Browser-iniň içinden tor açýan programma) ýaly aýratynlyklara dürli üýtgeşmeler girizmek bilen meşgul bolduk. Şol sebäpden, adaty bolmadyk Tor Browser gurmak isleseňiz (meselem, Tor Browser bilen ulgam tor hyzmatyny ulanmak ýa-da gaty anyk ulgam sazlamalaryny ulanmak) we Tor programmasyny başlanyňyzda garaşylmadyk ýalňyşlyk habaryna duçar bolsaňyz, GitLab ammarymyzda mesele bileti bilen bize habar bermegiňizi haýyş edýäris.

Netijede, Tor Browseri letterboxing ulanyjy tejribesinde bolup biläýjek syzdyrmalary we aýlawlary düzetmek ýaly (ýöne çäklendirilmedik) birneme gowulaşma geldi. Doly ekranly wideolarda 1px araçäk aýryldy we beýlekiler bilen bir hatarda Tor birikmesini gurnamak ekrany ýaly ygtybarly sahypalarda doly ýapyldy.

Seslenmeleriňizi bize iberiň

Bir näsazlyk tapsaňyz ýa-da bu çykyndyny nädip gowulandyryp boljakdygy barada teklip bar bolsa haýyş bize habar beriň. Tor toparlaryň hemmesine we bu çykyndyň çykmasyna goşant goşan köp meýletinçilere sag bolsun aýdýarys.

Kömek gerekmi?

Jemgyýet üçin ýygy-ýygydan soralýan soraglara serediň

Goldaw bolümine serediň

Habarlaşyň

Biziň bilen göni çatlaşyň!

IRC-de bize goşulyň