PrivChat

Tor Project tarapyndan size ýetirilen tehnologiýa, adam hukuklary,
we internet azatlygy barada söhbedi

PrivChat - Tor Project üçin pul ýygnamak üçin birnäçe goşant çäresidir. PrivChat-yň üsti bilen, tehnologiýa, adam hukuklary we internet azatlygynda bolup geçýän wakalar barada möhüm maglumatlary size ýetirip, jemgyýetimiz bilen söhbetdeşlik etmek üçin hünärmenleri jemleýäris.


3-nji bap - Adam Hukuklaryny öňe sürmek

Seret

Tor Project - erkin we açyk çeşmeli anonimligi, şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini goramak tehnologiýalaryny döretmek, ýaýratmak arkaly adam hukuklaryny we azatlyklaryny öňe sürmek üçin esasy wezipe hökmünde saýlady. Adamlar tehnologiýamyzy - Tor network we Tor Browser-ini dürli usullar bilen ulanýarlar. Tor nädogry hereketler barada maglumatlary açmagyň ygtybarly ýoluna mätäç adamlar - şahsyýetlerini paýlaşmazdan, köpçüligiň bilmegi gaty möhüm bolan maglumatlar tarapyndan ulanylýar. Tor, dünýädäki awtoritar hökümetlere garşy göreşýän we adam hukuklaryny goraýan aktiwistler tarapyndan diňe bir howpsuzlygy we gizlinligi üçin däl, eýsem sesleri eşidilmegi üçin internet senzurasyndan geçmek üçinem ulanylýar. Tor millionlarça adamlara artykmaçlyklaryna ýa-da ýetmezçiligine garamazdan onlaýn ýagdaýda özlerini goramaga mümkinçilik berýär. Üçünji “PrivChat” bölüminde size Tor ulanmagyň näderejede möhümdigini we dünýädäki adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakdaky işleri paýlaşjak Tor ulanyjylaryny size hödürleýäris.

Eýesi

Edward Snowden

Metbugat Azatlygy Gaznasynyň Prezidenti

Edward Snowden ABŞ-nyň raýaty, aňtaw gullugynyň öňki işgäri we habarçy. Onuň açan resminamalary, NSA milli howpsuzlyk gullugynyň we halkara aňtaw hyzmatdaşlarynyň gizlin köpçülikleýin gözegçilik programmalary we mümkinçilikleri barada möhüm düşünje berdi. Bu aýanlyklar, dünýäde şahsy durmuşyň eldegrilmesizligine we sanly howpsuzlyga görlüp-eşidilmedik gyzyklanma döretdi we bu mesele boýunça global jedele sebäp boldy.

Gatnaşanlar

Alison Macrina

Dörediji, Kitaphana Azatlygy Taslamasy

Alison Macrina kitaphanaçy we Library Freedom Project - intellektual azatlyk we şahsy durmuşyň gymmatlyklaryny hakyky dünýäde ýaşaýan kitaphana hünärmenleri üçin tejribe jemgyýetiniň taslamasynyň esaslandyryjy. Onuň işi, gözegçilik kitaphananyň jemgyýetlerine we kitaphanalaryň işine nähili täsir edýändigine, gözegçiligiň beýleki sosial adalat meselelerine, intellektual erkinlige nähili täsir edýändigine we tehnologiýalarymyzyň içindäki güýç dinamikasyna gönükdirilendir. Alison we Library Freedom Project Mugt programma üpjünçiligi gaznasynyň sosial gowy taslamalar baýragy, Library Journal's Movers we Shakers baýragy, Nýu-Yorkork kitaphanasy birleşiginiň intellektual azatlyk baýragy we LITA/Library Hi Tech baýragy bilen ykrar edildi.

Berhan Taye

Afrika Syýasat we Global Internet Öçürişleri Dolandyryjysy, Access Now

Berhan Taýe (hanym) tehnologiýa, jemgyýet we sosial adalat arasyndaky gatnaşyklaryň üstünde işleýän gözlegçidir. Ol “Access Now”-da Afrika Syýasat we Global Internet Öçürişleri Dolandyryjysy. Dünýäniň dürli künjeklerinden 220-den gowrak agza guramanyň koalisiýasy bilen internet kesilmeginiň öňüni almak üçin #KeepItOn kampaniýasyna ýolbaşçylyk etdi. “Access Now”-a girmezden ozal, “MoreThanCode.cc” hasabatyny taýýarlan "Technology for Social Justice Field Scan" taslamasynda gözlegçi bolup işledi.

Ramy Raoof

Howpsuzlyk Laboratoriýalar Tehnologiýasy, Halkara Günä Geçişlik

Tehnolog we şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi boýunça gözlegçi Ramy Raoofyň soňky işi, adam hukuklaryny goraýjylara we hökümete degişli bolmadyk guramalara garşy gönükdirilen sanly hüjümleri derňemek w Gündogarda we Merkezi Amerikadaky aktiwistler bilen gözegçilik, senzura töwereginde sanly howpsuzlyk protokollaryny we mümkinçilikleri artdyrmaklyga gönükdirilendir. Ramy, Amnesty International (Halkara Günä Geçişlik)howpsuzlyk laboratoriýasynyň taktiki tehnology we Tor Project-iniň direktorlar geňeşinde oturýar. Amnistiýa guramasyna girmezden ozal, Müsüriň Şahsy Hukuklar Inisiatiwasynda (EIPR) uly tehnolog bolup işledi. 2017-nji ýylda Ramy “Access Now” -dan Halkara Adam Hukuklary we Aragatnaşyk Gözegçiligi baýragyny aldy, 2016-njy ýylyň maý aýynda bolsa sanly howpsuzlyk we şahsy durmuşda alyp barýan işleri üçin Doýçe Welle tarapyndan halkara Bobs baýragyny - iň oňat onlaýn işjeňlik baýragyny aldy. Twitterde hasaby https://twitter.com/RamyRaoof.

Haýyr-sahawatlaryňyz bu seriýany we Tor işimizi mümkin edýär.

Işimizi goldamagyň iň oňat usuly aýlyk donor bolmakdyr.